Olimpiýa oýunlarynyň saýlama ýaryşlaryna gatnaşjak türkmen boksçulary kesgitlenildi

15:0821.02.2020
0
2239
Olimpiýa oýunlarynyň saýlama ýaryşlaryna gatnaşjak türkmen boksçulary kesgitlenildi

Türkmenistanyň boks boýunça erkekler ýygyndysy şu günler Olimpiýa oýunlary ― 2020-niň saýlama tapgyryna girýän halkara ýaryşa ― Aziýanyň we Okeaniýanyň bilelikdäki çempionatyna taýýarlyk görýär. Çempionat Iordaniýanyň Amman şäherinde geçiriler.

Iordaniýada 3 ― 11-nji mart aralygynda geçiriljek halkara ýaryşda Aziýanyň we Okeniýanyň boksçulary Olimpiýa ýollanmalarynyň 63-si üçin ýaryşarlar. Has takygy, erkekleriň arasyndaky ýaryşda 52, 57 we 63 kilograma çenli agram derejeleri boýunça alty, 69, 75 we 81 kilograma çenli derejede bäş, 91 kilograma çenli we 91-den ýokary kilogramdaky türgenler üçin dört ýollanma berler. Zenan boksçular üçin bolsa 51 kilogramda alty, 57, 60, 69 we 75 kilogramda dört ýollanma meýilleşdirilen.

Olimpiýa oýunlarynyň bosagasyndaky bu saýlama ýaryş türgenlerden uly jogapkrçiligi talap edýär. Çünki käbir agram derejelerinde ilkinji alty ornuň birini gazanmak ýeterlik bolsa, käbir agramlarda Olimpiýa ýollanmasyny gazanmak üçin hökman ýarym finala çenli baryp ýetmeli bolar. Şonuň üçin hem türkmen türgenleri Iordaniýadaky halkara ýaryşa uly ähmiýet berýärler.

Yklym ýaryşynda biziň ýurdumyza şu türgenler wekilçilik eder:

57 kilogram: Ýakup Meredow, Balkan welaýatynyň Hazar şäherinden;

63 kilogram: Şükür Öwezow, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby;

69 kilogram: Sanjar Sapaýew, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby;

75 kilogram: Nursähet Pazzyýew, paýtagtyň «Olimp» sport mekdebiniň tälimçisi;

81 kilogram: Nurýagdy Nurýagdyýew, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty.

Ammandaky yklym ýaryşyndan soňra türkmen boksçularyna ýene bir uly synag garaşýar. Maý aýynyň ortalaryna Parižde geçiriljek halkara ýaryş Olimpiýa ýollanmasyna dalaş edýän boksçular üçin aýgytly synag bolar. Çünki Parižde dünýäniň iň güýçli boksçulary ýaryşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň