Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyr» Mekan Saparowyň şertnamasyny möwsümiň ahyryna çenli uzaltdy

14:5021.02.2020
0
8106
«Altyn asyr» Mekan Saparowyň şertnamasyny möwsümiň ahyryna çenli uzaltdy

«Altyn asyr» futbol topary goragçy Mekan Saparowyň şertnamasyny uzaltdy. 25 ýaşly futbolçy şu ýylyň ahyryna çenli ýene-de «Altyn asyrda» çykyş eder diýip, TFF-niň resmi saýty ýazýar.

Mekan Saparow «Altyn asyrda» 2018-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýär. Ol «Altyn asyryň» hem, Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň hem esasy oýunçylarynyň biri. Milli ýygyndyda henize çenli 28 duşuşyk geçiren goragçy ilkinji duşuşygyna 2014-nji ýylyň 24-nji maýynda Filippinleriň ýygyndysyna garşy çykypdy.

Bu futbolçy bilen Aziýanyň öňdebaryjy toparlarynyň käbiriniň hem gyzyklanýandygyny aýtmak gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň