Soňky habarlar

Arhiw

UEFA Ýewropa ligasynda 2-nji tapgyryň netijeleri

12:2721.02.2020
0
771

Düýn UEFA Ýewropa ligasynda 2-nji tapgyryň, has takygy, 1/16 finalyň birinji oýunlary geçirildi. Duşuşyklaryň 9-synda ýer eýeleri ýeňiş gazandy. “Wulwerhempton”, “Aýntraht”, “Bazel” ýaly klublar uly hasaply ýeňişler gazanyp, 1/8 finalyň bosagasyndan ilkinji ädimlerini ätdiler. Nemes toparlarynyň 3-si hem ýeňiş gazandy. Portugal toparlarynyň 3-si ýeňlip, diňe 1-i garşydaşyndan üstün çykdy. Italýan toparlarynyň 2-si hem ýeňiş gazandy. Geçen möwsümde Çempionlar ligasynda ýarym finala çykan “Aýaksyň” myhmançylykda “Hetafeden” 2-0 asgyn gelmegi tapgyryň iň garaşylmadyk netijesi boldy. Şeýle-de bu tapgyrda “Wulwerhemptonyň” portugaliýaly hüjümçisi Diogo Žoto bilen “Aýntrahtyň” ýaponiýaly hüjümçisi Daiçi Kamada het-trik edip, toparlarynyň uly tapawutly gazanan ýeňişlerine özleriniň saldamly goşandyny goşdy. Karpatlaryň Maradonasy lakamly Jorj Hajiniň ogly Ýanis Haji hem tapgyryň ünsi çeken futbolçylarynyň biri boldy. Ol “Braganyň” 2-0 öňe saýlanandygyna garamazdan, 3-2 hasabynda ýeňiş gazanan “Reýnjersiň” 2 goluny geçirdi.

  

UEFA Ýewropa ligasynyň 1/16 finalynyň birinji duşuşyklarynyň netijeleri:

“Reýnjers” – “Braga”: 3-2 (Haji 67, 82, Aribo 75 – Franserjio 11, Ruiz 59)

“Şahtýor Donesk” – “Benfika”: 2-1 (Patrik 56, Kowalenko 72 – Pizzi 67 p)

“Wulwerhempton”–“Espanýol”: 4-0 (Žoto 15, 67, 81, Newes 52)

“Sporting”–“Istanbul Başakşehir”: 3-1 (Koates 3, Şporar 44, Wietto 51 – Wisça 77 p)

“Hetafe”–“Aýaks”: 2-0 (               Deýwerson 38, Kenedi 90+3)

“Baýer” – “Porto”: 2-1 (Alario 29, Hawerts 57 p – Diaz 73)

“Kopengagen”–“Seltik”: 1-1 (N’Doýe – Eduard 14)

“KFR Kluž”–“Sewilýa”: 1-1 (Deak 59 p – En-Nesiri 82)

“Olimpiakos”–“Arsenal”: 0-1 (Lakazett 81)

AZ–LASK: 1–1 (Koopmeiners 86 p – Raguž 26)

“Klub Brýugge” – “Mançester Ýunaýted”: 1–1 (Dennis 15 – Marsial 36)

APOEL–“Bazel”: 0-3 (Petretta 16, Stoker 53, Artur 66)

“Ludogores”–“Inter”: 0-2 (Eriksen 71, Lukaku 90+5 p)

“Aýntraht”–“Red Bull Salsburg”: 4-1 (Kamada 12, 43, 53, Kostiç 56 – Hwan 85 p)

“Wolfsburg”–“Malmö”: 2-1 (Brekalo 49, Telin 62 ö.d. – Telin 47 p)

“Roma”–“Gent”: 1-0 (Perez 13)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň