OPEK Türkmenistanda hususy ulgamy goldamak üçin ABŞ-nyň 10 million dollary möçberinde maýa goýar

23:5820.02.2020
0
13999

20-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow döwlet Baştutanyna döwlete dahylsyz ulgamy goldamak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi ― diýip, TDH ýazýar.

Wise-premýer, hususan-da, bu ugurda görülýän çäreler barada aýdyp, abraýly ykdysady düzümler, şol sanda OPEK Halkara ösüş gaznasy bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça geçirilýän işler barada habar berdi. Bu gurama bilen gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, şol maksatlar üçin ABŞ-nyň 10 million dollar möçberindäki maýa goýumlary goýlar. Bu serişdeleriň maksadalaýyk ulanylmagyna gözegçilik etmegi Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň üstüne ýüklemek göz öňünde tutulýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň amala aşyrýan taslamalaryny maliýeleşdirmek hakyndaky resminamanyň taslamasyny hödürläp, bu ugurda geçirilýän işleriň çykarylýan önümleriň möçberini artdyrmaga, ýurdumyzyň işewürliginiň wekilleriniň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň amala aşyrýan taslamalaryny maliýeleşdirmek hakyndaky Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi we oňa birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Resminama laýyklykda, Döwlet daşary ykdysady iş bankyna telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň amala aşyrýan taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin OPEK Halkara ösüş gaznasy bilen degişli karz ylalaşygyny baglaşmaga we onuň güýje girmegi bilen bagly işleri amala aşyrmaga ygtyýar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň