Türkmenistanyň Ministrler Kabineti merkezi gazetleriň esaslandyryjysy edilip bellenildi

23:5620.02.2020
0
6896

20-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa döwlet Baştutanynyň garamagyna gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň Tertipnamalaryny tassyklamak hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti gazet-žurnallaryň esaslandyryjysy bolup durýar. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýeten derejesini we üstünliklerini, onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny, şeýle hem täze taryhy eýýamyň wajyp wakalaryny giňden wagyz etmek boýunça ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde durýan wezipelere ünsi çekdi.

Gazetleriň we žurnallaryň sahypalarynda döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň mazmunyny hem-de ähmiýetini açyp görkezýän, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyna, ýokary ahlak gymmatlyklaryna we özboluşly däp-dessurlaryna bagyşlanan makalalar çap edilmelidir. Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň bellenilýändigini nazara alyp, bu şanly senä aýratyn üns berilmelidir. Milli Liderimiz bu barada aýtmak bilen, žurnalistleriň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagynyň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutany esaslandyryjysy Ministrler Kabineti bolan gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň Tertipnamalaryny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi we bu babatda birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Resminama laýyklykda, «Türkmenistan» gazetiniň, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň, «Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary» gazetiniň, «Watan» gazetiniň, «Galkynyş» gazetiniň, «Nesil» gazetiniň, «Edebiýat we sungat» gazetiniň, «Aşgabat» gazetiniň, «Mugallymlar gazeti» gazetiniň, «Adalat» gazetiniň, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň, «Türkmen dili» gazetiniň, «Esger» gazetiniň, «Bereketli toprak» gazetiniň, «Diýar» žurnalynyň, «Garagum» žurnalynyň, «Zenan kalby» žurnalynyň, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň, «Güneş» žurnalynyň redaksiýalarynyň Tertipnamalary tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň