Türkmenistanyň Prezidenti Dokma senagaty ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklady

23:5420.02.2020
0
4908

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Dokma senagaty ministrligi hakyndaky Düzgünnama, şu ministrligiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

Dokma senagaty ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň