Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Pudagara topary döredildi

23:5220.02.2020
0
4363

20-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparynyň Türkmenistanyň milli ulgamyna özara baha bermek çäresini geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça Pudagara topary döretmek hakyndaky Karara gol çekdi. Milletiň Lideri ony Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna, daşary işler ministrine elektron resminama dolanyşygy arkaly iberip, bu resminamanyň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Resminama laýyklykda, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparynyň Türkmenistanyň milli ulgamyna özara baha bermek çäresini geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça Pudagara topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň