"Türkmenhalynyň" merkezi edarasynda täze bölümler döredildi

23:4720.02.2020
0
4576

20-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow milletiň Lideriniň şu ýylyň 7-nji fewralynda çykaran degişli Kararyna laýyklykda, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň döredilmegi bilen baglylykda, onuň işini döwrüň talabyna laýyk ýola goýmak boýunça guramaçylyk işleriniň alnyp barylýandygyny habar berdi.

Şu maksat bilen, bu birleşigiň Düzgünnamasy baradaky teklipler işlenip taýýarlanyldy. Şeýle hem Dokma senagaty ministrliginiň düzüminden haly we ýüpekçilik pudaklarynyň aýrylmagy bilen baglylykda, bu ministrligiň Düzgünnamasynyň hem-de onuň merkezi edarasynyň gurluşynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Taslamalara laýyklykda, häzirki döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň merkezi edarasynyň gurluşynda daşary ykdysady aragatnaşyklar, marketing we sanly tehnologiýalar bölümini döretmek teklip edilýär.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň «Türkmenhaly» döwlet birleşigi hakynda Düzgünnamany, şeýle hem onuň merkezi edarasynyň gurluşy we bu resminamalary tassyklamak hakyndaky Karara gol çekip, olary elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de şolaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Resminama laýyklykda, «Türkmenhaly» döwlet birleşigi hakyndaky Düzgünnama, birleşigiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

«Türkmenhaly» döwlet birleşigine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň