Olimpiýa şäherçesinde futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyk geçiriler

14:2920.02.2020
0
4691

Şu ýylyň 7-nji martynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyk geçiriler.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem habar berşi ýaly, duşuşyk ýurdumyzyň çempiony «Köpetdag» bilen Kubok ýaryşynyň ýeňijisi «Migrasiýanyň» arasynda geçiriler. Duşuşyk gündiz sagat 11-de başlanar.

Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyk, şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzyň täze futzal möwsüminiň hem başlangyjy bolar. Her ýyl bolşy ýaly, şu ýyl hem futzal boýunça milli birijiliklerdir kubok ýaryşlarynyň ençemesi meýilleşdirilýär. Ýylyň dowamynda Aşgabatda Futzal boýunça Aziýa çempionatynyň hem geçiriljekdigini ýatladýarys. Çempionatyň başlanjak wagty AFK we Guramaçylyk topary tarapyndan yglan ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň