Arhiw

Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysy Awazada türgenleşýär

13:4920.02.2020
0
4550

Häzirki günlerde Türkmenistanyň agyr atletika boýunça zenanlar ýygyndysy, erkekler ýygyndysynyň bolsa käbir wekilleri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýärler. «Hazar» myhmanhanasynda ýerleşen türgenlerimize Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ikram Mätkerimow, halkara derejeli sport ussady Ümürbek Bazarbaýew hem-de Meret Sähetmyradow tälim berýär.

Agyr atletikaçylaryň Awaza gelmedik bölegi türgenleşiklerini Olimpiýa şäherçesindäki döwrebap toplumlarda dowam etdirýärler. Türkmen türgenleriniň şu günlerdäki esasy maksady Olimpiýa oýunlarynyň jemleýji synagynda ― Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş edip, Olimpiýa ýollanmasyny gazanmakdan ybaratdyr. Yklym çempionaty şu ýylyň 15 ― 26-njy apreli aralygynda Özbegistanda geçiriler. Hut, şu çempionatda gazanyljak netijeler türkmen agyr atletikaçylarynyň haýsynyň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjakdygyny kesgitlär. Şu ýyl bu mümkinçiligiň birnäçe türgenimizde bardygyny aýratyn aýtmak gerek.

Mansur Rejebow tarapyndan tälim berilýän ýaşlar ýygyndymyz bolsa 15 ― 25-nji mart aralygynda Rumyniýanyň paýtagty Buharestde geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň