Soňky habarlar

Arhiw

30 ýyl boldy

10:5520.02.2020
0
898

“Adobe”-yň iň köp peýdalanylýan programmalarynyň biri bolan “Photoshop”-yň döredilenine 30 ýyl boldy. Suratlary bezemekde giňden ulanylýan bu programma 30 ýyllygy mynasybetli täze aýratynlyklar goşuldy. 1989-njy ýylda döredilen “Photoshop” ondan bäri köp üýtgeşmäni başdan geçirdi, suratlar bilen işlemek has ýeňilleşdi. Programma “ýaş toýy” mynasybetli “Content-Aware Fill” (“Заливка с учётом содержимого”) we “Lens Blur” gurallarynda käbir üýtgeşiklikler edildi. Şeýle hem, “iPad”-leriň “Photoshop” applikasiýalaryna-da täze aýratynlyklar goşuldy. Täze aýratynlyklar bilen “Content Aware Fill” iş sahypasynda birnäçe saýlawy bir gezekde ýerine ýetirip bolýar we “Apply” düwmesi bilen doldurmak mümkin. Mundan ozal her üýtgeşiklik üçin OK düwmesine basylmaly bolýardy. Täze aýratynlyk bu gural bilen işlenende uly ýeňillik döredýär. Häzirki wagtda “Ipad” ulanýan dizaýnerler “Photoshop”-yň gurallarynyň az sanlysyndan peýdalanyp bilýärler. Indi bolsa, olara täze gurallaryň birnäçesiniň goşulandygy mälim edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň