Türkmenabadyň tikin fabriginde ýylyň nyşany bilen önüm öndürilýär

10:4320.02.2020
0
806

Türkmenistanyň söwda nokatlarynda şanly ýylyň — Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynyň nyşany goýlan harytlyk önümler peýda boldy. Olaryň arasynda Türkmenabadyň tikin fabriginde öndürilen dürli görnüşli, ýokary hilli önümler hem bar ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Geçen ýyl fabrik boýunça halkyň sarp edýän harytlarynyň 36 million 260 müň manatlyga golaýy öndürilip, öňki ýyl bilen deňeşdirilende 120 göterime golaý ösüş depgini gazanyldy. Üstümizdäki ýylyň ilkinji aýynda geçen ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende 117 göterim ösüş depgini üpjün edildi, aýlyk meýilnama bolsa 135,7 göterim berjaý edildi.

Şeýle üstünligiň önümçiligiň durkunyň düýpli täzelenilmegi, işleriň ýokary sazlaşykly guralmagy, dürli kärli işgärleriň yhlasly zähmet çekmekleri üçin amatly şertleriň döredilmegi arkaly gazanylýandygyny fabrigiň ýolbaşçylary kanagatlanma bilen belleýärler. Olar alyjylaryň ösen isleglerinden peýdalanýan harytlary öndürmek ugrunda döredijilikli gözlegleri alyp barýarlar. Ýylyň nyşany goýlan täze önümleriň önümçiliginiň gysga wagtda ýola goýulmagy-da tikinçileriň beýik döwrümize mynasyp işleri bitirýändiklerinden habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň