Lebabyň atçylyk sport toplumynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýubileý mejlisini geçirmäge taýýarlyk görülýär

10:2020.02.2020
0
2489

Öňümizdäki baharda açylyp, ulanylmaga berilmeginiň 9 ýyllygyny baýram etjek Lebabyň atçylyk sport toplumyna we welaýatyň atşynaslaryna belent ynam bildirildi. 2010-njy ýylda döredilen we ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy özüniň 10 ýyllyk ýubileý dabarasyny hut şu toplumda geçirer ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Şu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli halkara derejede sergi-ýarmarka hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XII ylmy-amaly maslahat geçiriler. Bu dabaralar Aşgabat şäherinde bolar. Lebap welaýat atçylyk sport toplumynda bolsa Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň X ýubileý mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär.

 Şu günler Lebap atçylyk sport toplumynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýubileý dabarasyny ýokary derejede geçirmäge taýýarlyk görülýär. Munuň üçin toplumyň käbir böleklerinde abatlaýyş-bejeriş, durkuny täzeleýiş işleri alnyp barylýar. Şeýle hem çapuw ýodasy boýunça täzelenmeler alnyp barylýar. Bu işler ýerli gurluşyk kärhanalarynyň hünärmenleriniň kömegi bilen amala aşyrylýar.

Türkmenabatdaky dabaralar üçin giň maksatnama düzüldi. Şonuň üçin bu dabaralara tutuş şäherde taýýarlyk görülýär.

Milletiň Lideriniň assosiasiýanyň geçen ýyl paýtagtymyzyň «Oguzkent» myhmanhanasynda geçieiln mejlisinde hem aýdyşy ýaly, häzirki wagtda onuň düzümine 32 döwletden 137 agza girýär. Assosiasiýanyň agzalarynyň sany ýyldan-ýyla artmak bilen.

Ýubileý mejlisiň geçiriljek ýeri ― Lebap atçylyk sport toplumy Türkmena bat ― Mary ― Aşgabat awtomobil ýolunyň ugrunda 2011-nji ýylyň aprel aýynda ulanylmaga berildi. Toplumyň umumy tutýan meýdany 50 gektara, çapuw ýodasynyň uzynlygy 1800 metre deňdir. Bu ýerdäki at çapyşyklaryna bir wagtyň özünde 3 müň adam tomaşa edip bilýär. Şeýle hem toplum üç bölekden ybarat 820 orunlyk amfiteatry, 6 sany ak öýi, 250 orunlyk çagalar üçin tomaşa ýerlerini, tälimçiler we nobatçylar üçin aýratyn otaglary, naharhanany, dynç alyş otaglaryny, seýisler we çapyksuwarlar ýaşar ýaly jaýlary, 20 orunlyk myhmanhanany, 200 aty saklamaga niýetlenen 4 sany athanany öz içine alýar. Häzirki wagtda alnyp barylýan durkuny täzelemek işleri toplumyň mümkinçiliklerini has-da artdyrar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň