Soňky habarlar

Arhiw

Goturdepe ýatagyndan her gije-gündizde 4 müň tonna golaý nebit alynýar

09:5620.02.2020
0
1357

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirliginde ýylyň ilkinji aýynda 109 müň 602 tonna barabar nebit çig maly çykarylyp, bellenilen meýilnama 102,4 göterim amal edildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bu görkeziji tutuş konsern boýunça geçen bir aýda çykarylan «gara altynyň» üçden birinden hem ep-esli köpdür.

Ýüzlerçe kilometr meýdany tutýan bu hazynalar ýatagynda ilkinji nebit guýusyny burawlamak işine mundan ýetmiş ýyldan-da öň, has takygy, 1948-nji ýylda girişilýär. Uglewodorod çig malynyň ummasyz köp gorlaryny özünde jemleýän bu ýatagyň senagat taýdan özleşdirilmegine bolsa 1956-njy ýylda ynamly badalga berilýär. Şol ýylyň dekabr aýynyň başynda gazylýan guýuda çuň­luk 2 müň 132 metre ýetende uzak garaşdyran nebitiň ilkinji akymy peýda bolýar. Alymlaryň, geologlaryň, burawlaýjylaryň yhlasly zähmetiniň netijesinde bu ilkinji guýynyň önüm berijiligi her gije-gündizde 120 tonna ýetýär.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde türkmen alymlarynyň, geologlarynyň we burawlaýjylarynyň irginsiz tagallalary netijesinde bu ýatakda 1200 — 5000 metr aralykdaky çuň­luklarda uglewodorod serişdeleriniň köp mukdardaky gorlarynyň jemlenilendigi doly tassyklanyldy. Di­ňe bir häzirki hereket edýän guýulardaky heniz alynmadyk nebitiň möçberleri hem millionlarça tonna ýetýär. Hut häzirki günlerde bu täze ýatakda täze guýularyň 11-sinde buraw işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Merkezi Aziýada iň uly nebitgaz ýataklarynyň biri bolan Goturdepeden häzirki wagtda her gije-gündizde alynýan nebit 4 müň tonna golaýlaýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň