Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow bilen Makarow Aşgabatda welosport boýunça geçiriljek halkara ýaryşlary ara alyp maslahatlaşdylar

23:4919.02.2020
0
4112

Şu gün döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň eksperti-hünärmeni, «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.

Duşuşykda sport ulgamynda hyzmatdaşlyk meselesi, şol sanda Diýarymyzda 2021-nji ýylda trek welosiped sporty boýunça dünýä çempionatyny, 2026-njy ýylda bolsa şosse welosiped sporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda iri halkara ýaryşlary ýokary derejede guramak, ussat türgenleri taýýarlamak, şol sanda ähli ölçegler boýunça dünýä ülňülerine kybap gelýän köpugurly düzümi döretmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesi — düzüminde ajaýyp welotrek bolan döwrebap sport desgalarynyň iri toplumy munuň aýdyň mysalydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň