“Barselonadan” köp gol geçirdi

20:0419.02.2020
0
1225

“Borussiýa Dortmund”–PSŽ duşuşygynyň gahrymany, norwegiýaly Erling Holann gün-günden rekordlarynyň sanyny artdyrýar. Çempionlar ligasyndaky ilkinji möwsüminde 10 gol geçiren Erling muny başaran ilkinji futbolçy boldy. Şeýle-de ol Kilian Mbappeden soň, Çempionlar ligasynda 10 gol geçiren 2-nji ýaş oýunçy adyny aldy. Şol bir wagtyň özünde ol Çempionlar ligasynyň çäginde bir möwsümde 2 toparda azyndan 2 gol geçiren ilkinji futbol hökmünde taryha girdi. PSŽ duşuşygynda geçiren 2 pökgüsi bilen gollarynyň sanyny 10-a ýetirip, Robert Lewandowski bilen deňleşdi. Galyberse-de, ol şu möwsümde Çempionlar ligasynda 9 gol geçiren “Barselona” toparyndan köp gol geçirmegi başardy.

“Sky Italia”-nyň habaryna görä ol PSŽ bilen bolan duşuşykda 60 metri 6,64 sekuntda geçmegi başardy. Bu görkeziji dünýä rekordyndan (6,34) 0,3 sekunt, Norwegiýanyň milli rekordyndan (6,55) bolsa, 0,09 sekunt az diýmekdir.

Biz futbol janköýerlerine-de 19 ýaşly futbolçynyň şu depginini saklan ýagdaýynda, şol birwagtyň özünde-de uly şikesler almadyk ýagdaýynda “Bundesligada”, Çempionlar ligasynda ýene-de birnäçe rekordlary täzelemegine garaşaýmak we onuň ajaýyp oýnuna tomaşa edäýmek galýar.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň