Soňky habarlar

Arhiw

«Kyzylkum» Türkiýedäki ýoldaşlyk duşuşygynda «Okžetpesi» ýeňdi

13:4219.02.2020
0
4289

Türkiýäniň Antalýa şäherinde düýn geçirilen «Kyzylkum» (Özbegistan) ― «Okžetpes» (Gazagystan) ýoldaşlyk duşuşygy türkmenistanly futbol janköýerleri üçin hem uly gyzyklanma eýe boldy. Çünki «Kyzylkumyň» düzüminde milli ýygyndymyzyň iki futbolçysynyň ― Abdy Bäşimow bilen Wezirgeldi Ylýasowyň futbol oýnaýandygyny eýýäm bilýärsiňiz. «Okžetpesiň» tälimçiler düzümine bolsa birki günlükde türkmenistanly hünärmen Rejepmyrat Agabaýew goşuldy. Şeýlelikde, bu duşuşyk karýerasyny iki goňşy döwletde dowam etdirýän tälimçimiziň we futbolçylarymyzyň özara duşuşygyna öwrüldi.

«Championat.asianyň» ýazmagyna görä, duşuşyk «Kyzylkumyň» 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Pökgüleri 4-nji minutda Şerali Juraýew, 32-nji minutda Mkkartneý Newesseb geçirdi.

Türkmenistanly futbolçylary A.Bäşimow bilen W.Ylýasow geçen duşuşyklarda bolşy ýaly, bu gezek hem esasy düzümde meýdana girdiler.

Iki toparyň hem Türkiýedäki OTÝ-y dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň