Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýerler bilen iş maslahatyny geçirdi

12:3019.02.2020
0
6249

18-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň birnäçe orunbasarlarynyň we käbir pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy ― diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany iş maslajtynyň başynda şu ýylyň 14-nji ýanwarynda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyň jemleýji resminamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde beýan edilendigini hem-de onuň bu guramanyň resmi dillerinde çap edilendigini aýdyp, bu şanly waka mynasybetli halkymyzy we ýurdumyzyň ähli diplomatik işgärlerini gutlady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow häzirki döwürde ýurdumyzda halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli taýýarlyk işleri;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow we ýurdumyzyň Merkezi bankynyň ýolbaşçysy M.Annadurdyýew bank-maliýe ulgamynyň, ykdysady toplumyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew häzirki döwürde ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, gurluşyk düzümleriniň işini kämilleşdirmek, önümçilik we durmuş maksatly taslamalary işläp taýýarlamak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow dokma toplumynyň kärhanalaryna häzirki zaman usullaryny, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işler;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow ýurdumyzda ulag-logistik düzüminiň işini kämilleşdirmek, aragatnaşyk pudagyna häzirki zaman tehnologiýalaryny, sanly ulgamy ornaşdyrmak hem-de degişli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler;

Ministrler Kabinetiniň orunbasary M.Meredow hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça möhüm wezipeler bilen baglanyşykly nebitgaz toplumynda alnyp barylýan işler;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow häzirki döwürde ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek, sanly ulgamy ösdürmek we ylmyň gazananlaryny ähli ugurlara ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Soňra döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Amanowa ýüzlenip, ähli düzümlerde bolşy ýaly, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda alnyp barylýan işleriň we ýurdumyzda degişli ugurlar boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň