Türkmenistandaky halkara maslahatyň jemleýji resminamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň resminamasy boldy

11:5519.02.2020
0
1129

18-nji fewralda geçiren iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza hoş habaryň gelip gowşandygy — şu ýylyň 14-nji ýanwarynda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyň jemleýji resminamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde beýan edilendigini hem-de onuň bu guramanyň resmi dillerinde çap edilendigini aýdyp, bu şanly waka mynasybetli halkymyzy we ýurdumyzyň ähli diplomatik işgärlerini gutlady. Bu barada TDH habar berýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow gutlaglar üçin Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň ähli diplomatik işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Wise-premýer şeýle hem häzirki döwürde ýurdumyzda halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň ähli ugurlaryny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny aýtdy hem-de bu işleri netijeli dowam etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň