TÝL ― 2020: «Altyn asyr II» Ýokary liganyň wekili bilen deňme-deň oýnady

10:4719.02.2020
0
674

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýaşlar ligasynyň ýeňijisi «Altyn asyr II» topary Babarapdaky futbol meýdanynda «Energetik» bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Bu duşuşyk 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Geçen möwsümde ilkinji gezek tejribe edilen ýaşlar ligasyn «Altyn asyr II»-niň çempionlygy bilen tamamlandy. Häzir aragatnaşykçylaryň esasy düzüminde bu toparyň käbir wekilleri synag edilýär.

Geçen möwsümde 32 utuk toplap, bäşinji orunda tamamlan «Energetik» hem düzümini täze we ýaş futbolçylar bilen güýçlendirip, ýene-de çempionatyň ilkinji üç orny üçin göreşer. Öňümizdäki möwsümde gazanyljak baýrakly orunlaryň toparlarymyza AFK-nyň Çempionlar ligasyna we AFK-nyň kubogyna gatnaşmaga mümkinçilik berjekdigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň