Durzup bolmaýan Erling Holann

10:3019.02.2020
0
5240

UEFA Çempionlar ligasynda 1/8 finalyň beýleki bir duşuşygynda-da ýer eýeleri ýeňiş gazandy. Dortmunddaky “Westfallen” stadionynda PSŽ-ni kabul eden “Borussiýa” 2-1 hasabynda garşydaşyndan üstün çykdy. 1-nji ýarymy golsuz geçen oýnuň soňky 21 minutynda 3 gol derwezä girizildi. 69-njy minutda täze transfer Erling Holann ýer eýelerini öňe saýlady. Ýöne 6 minutdan soň, Neýmar hasaby deňledi. Bu goldan bary-ýogy 2 minutdan soň, ýene-de Holann owadan urgy bilen nemes toparyna ýeňiş getirdi. Duşuşygyň gahrymany saýlanan Holannyň Çempionlar ligasyndaky ilkinji möwsüminde gollarynyň sany 10-a ýetdi. Şeýle-de Holannyň şu möwsümdäki gollarynyň sany 29 oýunda 39 boldy. Jogap duşuşygy 11-nji martda oýnalar.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň