Soňky habarlar

Arhiw

Ruslan Mingazowyň topary Türkiýedäki OTÝ-ny ýeňiş bilen tamamlady

09:5519.02.2020
0
3527

Belarusyň «Isloç» topary bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygyndan soňra Pawladoryň «Irtyşy» Türkiýedäki okuw-türgenleşik ýygnanşygyny tamamlady ― diýip, klubyň resmi saýty habar berýär.

3:1 hasabynda gazak toparynyň peýdasyna tamamlanan duşuşykda türkmenistanly ýarym goragçy Ruslan Mingazow esasy düzümde meýdana çykdy. Gazanylan ýeňişde onuň geçiren dürs pökgüleriniň täsiri örän uludyr.

Duşuşykda «Irtyşyň» gollaryny Miloş Stamkenowiç (11 metrlik jerime urgusyndan), Karlos Fonseka we Arman Nusip geçirdi.

Ruslan Mingazowyň «Irtyş» bilen şertnamasyny ýene-de ýarym möwsümlik uzaldandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň