Soňky habarlar

Arhiw

Astrahanda «Türkmenistan ― Bitaraplygyň mekany» diýlen at bilen geçirilen surat bäsleşigi jemlenildi

09:5219.02.2020
0
4298

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan etrabynyň Funtowo obasynda çagalaryň arasynda geçirilen surat bäsleşiginiň jemleri jemlenip, ýeňijilere baýraklar gowşuryldy.

Türkmenistanyň Astrahandaky konsulluk edarasynyň gurnamagynda geçirilen bäsleşik «Türkmenistan ― Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyryldy. Oňa Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiň 1 ― 5-nji synpynda okaýan okuwçylar gatnaşdylar.

Surat bäsleşiginiň baş baýragyna 5-nji synp okuwçysy Arina Umarowa mynasyp boldy. Şeýle hem öňdäki üç orun üçin niýetlenen baýraklar Ralif Mahmodowa, Ramina Kaliýewa we Ildar Aýnazarowa gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisi ony gurnaýjylar tarapyndan ýadygärlik nyşanlar bilen sylaglanyldy.

Dabara mekdepde berlen toý sadakasy bilen jemlenildi ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň