47 ýaşly türkmenistanly hünärmen Rejepmyrat Agabaýew Gazagystanyň «Okžetpes» futbol toparynyň tälimçiler ştabyna goşuldy diýip, «KazFootball.kz» habar berýär.
Gazagystana ilkinji gezek 1999-njy ýylda gelip, «Kaýratyň» düzüminde futbol oýnap başlan Rejepmyrat Agabaýew şol ýyl çempionatda iň netijeli futbolçy bolmagy başarypdy. Ol 9 ýyllyk Gazagystan karýerasyny 2008-nji ýylda Aktau şäheriniň «Kaspiýsinde» jemledi. Gazagystanyň Premýer-Ligasynda 146 duşuşyk geçiren ildeşimiz şolarda 60 gezek tapawutlandy.
Indi bolsa ol Gazagystana tälimçi hökmünde dolandy. Rejepmyrat Agabaýew «Okžetpesiň» baş tälimçisi Andreý Karpowiçiň kömekçisi bolup işlär.