“Google”-da iň köp gözlenen ýerler

19:3118.02.2020
0
1507

Internet gözleg saýty “Google”-da iň köp gözleg edilen ýerler mälim edildi. “Columbus Direct” firmasynyň habar bermegine görä, Hindistandaky Täç-Mahal “Google” arkaly iň köp gözleg edilen ýer bolupdyr. “Google” ulanyjylary bu ýeri 1 million 417 müň 650 gezek gözlenipdir. Perudaky taryhy ýerleriň biri bolan Maçu Piççu sanawda 2-nji orny eýeläp, bu täsin şäherçe 1 million 269 müň 260 gezek gözlenipdir. 1 milliondan geçen başga bir ýer bolsa, Dubaýda Burj Halifa binasydyr. Ony “Google” arkaly gözlenleriň sany 1 million 103 müň 950-ä deňdir. Niagara şaglawugy (945 müň 810), Eýfel diňi (916 müň 270), Angliýadaky Stonehenge (833 müň 690), Ewerest dagy (778 müň 350), Azatlyk heýkeli (758 müň 720), Sagrada Familia (742 müň 470) hem-de Pentagon (732 müň 930) ilkinji onlugy jemleýän beýleki ýerlerdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň