Soňky habarlar

Arhiw

Çempionlar ligasynyň täze topy

16:0818.02.2020
0
5392

Sport enjamlaryny we egin-eşiklerini öndüriji “Adidas” şereketi bilen UEFA bilelikde Çempionlar ligasynyň şu möwsümi üçin utulan çykdy tapgyrlarynda we finalda oýnaljak futbol topuny mälim etdi. “Istanbul20” ýazgyly top owadanlygy bilen tapawutlanýar. Stambulyň kartasynyň dürli bezegler bilen ýerleşdirilen topuň merkezinde Istanbul Bogazynyň şekli bar.

Ýeri gelende aýtsak, UEFA Çempionlar ligasynyň finaly 30-njy maýda Stambuldaky Atatürk stadionynda oýnalar. Bu stadionda 2005-nji ýylda-da final duşuşygy geçirilipdi. Şonda taryhy duşuşykda “Milan” 3-0 öňe saýlanandygyna garamazdan, penaltilerden soň, “Liwerpuldan” asgyn gelipdi.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň