Agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty Gazagystandan Özbegistana geçirildi

15:5218.02.2020
0
5730

Şu ýylyň 16 ― 25-nji apreli aralygynda meýilleşdirilýän agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty Gazagystandan Özbegistana geçirildi. Bu barada Aziýanyň Agyr atletika federasiýasy habar berdi.

Gelnen çözgüdiň esasy sebäbi Hytaýda ýüze çykan koronowirusdyr. Hytaý bilen serhetdeş ýerleşýän Gazagystanda yklym ýaryşyny geçirmek federasiýa üçin töwekgelçilikli görünýär.

Aziýa çempionaty yklymyň agyr atletikaçylary üçin Olimpiýa oýunlarynyň soňky saýlama ýaryşydyr. Onda gazanyljak medallar türkmen agyr atletikaçylaryna Olimpiýa ýollanmasyny gazanmaga ýardam eder.

Geçen ýyl Hytaýda geçirilen Aziýa çempionatynda 109 kilogramdan ýokary agram derejede Hojamuhammet Toýçyýew bürünç, 81 kilograma çenli agramda Aýsoltan Toýçyýewa itekläp götermek boýunça kümüş medal gazanypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň