«LC Waikiki» Türkmenistanda dükanyny açmagy meýilleşdirýär

15:1518.02.2020
0
19730
«LC Waikiki» Türkmenistanda dükanyny açmagy meýilleşdirýär

Lybaslar boýunça bilelikdäki türk-fransuz kompaniýasy bolan «LC Waikiki» 2020-nji ýylda özüniň Türkmenistandaky dükanyny hem açmagy meýilleşdirýär. Bu barada «Dünya» gazeti habar berdi.

Kompaniýanyň direktory Wahap Küçük bu barada kompaniýanyň Kiýewdäki (Ukraina) ilkinji dükanynyň açylyş dabarasynda aýtdy. Işewür şu ýyl Türkmenistanda, Wengriýada, Peruda, Zambiýada, Kot-d’Iwuarda, Ganada, Angolada, Senegalda we Mongoliýada hem şeýle dükanlary açmagy meýilleşdirýändiklerini aýtdy.

Merkezi Aziýa boýunça Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Özbegistanda hem «LC Waikiki» dükanlary açyldy.

Kompaniýa ýokary hilli lybaslary elýeter bahadan hödürleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň