Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Migrasiýa boýunça halkara guramanyň sebitleýin utgaşdyryjysy bilen duşuşyk geçirildi

14:3118.02.2020
0
12744

17-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy jenap Zeýnal Hajiýew bilen duşuşyk geçirildi ― diýip, gullugyň resmi saýty habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar, Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi barada belläp, migrantlaryň hukuklarynyň üpjün edilmegi, migrasiýa meseleleri bilen baglanşykly durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek we “Howpsuz, düzgünleşdirilýän we yzygideli migrasiýa hakyndaky Ählumumy ylalaşygynyň” ýerine ýetirilişi barada nygtadylar.

Şeýle hem “Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň” ähmiýeti barada maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça ýurdumyzda işleriň ulgamlaýyn esasda alnyp barylýandygy we bu ugurda hem ýurdumyzyň 2019-2024-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasynyň kabul edilendigi barada bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar 2020-nji ýyl üçin hyzmatdaşlyk etmek baradaky bilelikde meýilnamanyň ýerine ýetirilişi, şol sanda ýolagçylar barada deslapky maglumatlary alyşmak boýunça sebitleýin taslamasyny durmuşa geçirmek babatda pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň barha giňeýändigini belläp, migrasiýa babatdaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna uly ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň