Messi we Hemilton – “ýylyň türgeni” baýragyna laýyk görüldiler

13:1318.02.2020
0
4135

Sport akademiýasy tarapyndan 2000-nji ýyldan bäri berlip gelinýän “Lauerus World Sport” baýraklarynyň şu ýylky ýeňijileri mälim edildi. Ýylyň türgeni diýlen baýrak 2 adama gowşuryldy. Olar “Barselonanyň” argentinaly futbolçysy Lionel Messi bilen “Mercedes” toparynyň britaniýaly F1 sürüjisi Lýuwis Hemiltondyr. Şunlukda, baýragy ilkinji gezek 2 türgen paýlaşyp, olaryň ikisi hem birinji gezek bu abraýa eýe boldular. Berlinde geçirilen dabara Lionel Messi gatnaşyp bilmedik. Baýragy öňki ýyllarda Rojer Federer (5 gezek), Nowak Jokowiç (4 gezek), Usain Bolt (4 gezek), Mihael Şumaher (2 gezek) ýaly öz ugrunyň ägirtleri alypdy.

Geçen 2019-njy ýylyň zenan türgeni baýragyna bu ýylda-da amerikaly gimnastikaçy gyz Simona Baýles mynasyp görüldi. Bu onuň yzly-yzyna 2-nji, umumylykda 3-nji “Laureus” baýragydyr. Ozal baýragy Ýelena Isinbaýewa, Serena Williams dagy birden köp eýeläpdi.

Ýylyň topary baýragyna Günorta Afrikanyň regbi boýunça milli ýygyndysy mynasyp boldy. Şeýle-de hindistanly kriketçi Saçin Tendulkar “ýylyň pursaty”, Hloýa Kim 2-nji gezek “ýylyň ekşni”, Oksana Masters “ýylyň päsgelçilikli türgeni”, Sofiýa Florş “ýylyň gaýdyp gelişi”, Egan Bernal “ýylyň ösüşi” baýraklaryna laýyk görüldi.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň