Basketbol boýunça ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

12:1418.02.2020
0
593

2006-2007-nji ýyllarda doglan oglanlaryň we gyzlaryň arasynda basketbol boýunça ýurdumyzyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Basketbol federasiýasynyň bilelikde guramagyndaky ýaryş paýtagtymyzdaky «Aşgabat» köpugurly stadionynyň basketbol zalynda boldy. Bäsleşige paýtagtymyzdan, şeýle-de welaýatlardan gelen toparlar gatnaşdy.

Oglanlaryň arasyndaky ýaryşda jemi ýedi topar duşuşdy. Toparlaryň arasyndaky duşuşyklar çekeleşikli hem gyzgalaň­ly geçdi. Onda Balkan welaýatynyň topary birinji, Lebap welaýatynyň topary ikinji, Aşgabat şäheriniň topary üçünji orny eýelediler.

Gyzlaryň arasyndaky duşuşyklar alty toparyň arasynda geçirildi. Onda Lebap welaýatynyň topary birinji, Aşgabat şäheriniň topary ikinji, Daşoguz welaýatynyň topary üçünji orna mynasyp bolmagy başardylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň