Türkmen paralimpiýaçylary bilen duşuşyk geçirildi

12:0518.02.2020
0
547

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde para-pauerlifting boýunça milli ýygyndymyzyň türgenleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Onda türgenleriň şu ýylyň tomsunda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek tomusky Paralimpiýa oýunlaryna görýän taýýarlyklary dogrusynda gürrüň edildi.

Häzirki wagtda türkmen türgenleriniň öňünde uly jogapkärli ýaryşlarynyň birnäçesi bolup, Tokioda geçiriljek Paralimpiýa oýunlary şolaryň biridir. Bu ýaryşda üstünlikli çykyş etmek üçin ildeşlerimiz güýçli taýýarlyk görýärler. Türgenlerimiziň türgenleşmegi, öz ukyp-başarnygyny artdyrmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilen.

Häzirki wagtda türgenlerimizi Türkmenistanyň Paralimpiýa komitetiniň başlygynyň orunbasary we parapauerlifting boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Tahyr Şorahanow türgenleşdirýär. Baş tälimçi bilen birlikde, bu duşuşyga milli ýygyndymyzyň öň­debaryjy türgenleri Maýagözel Ekäýewa bilen Sergeý Meladze hem gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň