Aşgabatda «Maýa goýumçy ― 2020» atly taslama bäsleşigi geçirildi

11:5318.02.2020
0
335
Aşgabatda «Maýa goýumçy ― 2020» atly taslama bäsleşigi geçirildi

Ýakynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «Entrepreneur 2020» («Maýa goýumçy 2020») atly bäsleşik geçirildi. Ýaşlaryň işewürlik pikirlerini ösdürmek we olary bu ugurda goldamak maksady bilen geçirilen bäsleşige uniwersitetiň talyplarydyr mugallymlary bilen birlikde, ýurdumyzyň tejribeli işewürleri hem gatnaşdylar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bäsleşikde talyplar özleriniň işewürlik taslamalary bilen çykyş etdiler. Görkezilen taslamalaryň arasynda, esasan-da, uniwersitetiň dil öwreniş bölüminiň talyplary Nowruz Nurberdiýew bilen Gülruh Gullyýewanyň zir-zibilden energiýa almagy teklip edýän «Zero waste» («Düýbünden zaýasyz»), halkara gatnaşyklary hünäriniň talyby Kerwenmyrat Myradow bilen halkara ykdysadyýet hünäriniň talyby Nartäç Karaýewanyň we halkara ätiýaçlandyryş hünäriniň talyby Dürli Orazowanyň bilelikde taýýarlan kitap okalanda ulanylýan ýörite bellik kagyzjyklarynyň dürli görnüşlerini taýýarlamagy teklip edýän, filosofiýa hünäriniň talyby Bahar Sopyýewanyň wegetarianlara niýetlenen, şeýle hem halkara maliýe hünäriniň talyby Azat Berdiýewiň paýtagtymyzyň duralgalarynda awtobuslaryň gatnaw tertibini, olaryň duralgadan aradaşlygyny görkezýän, barmaly ýeri­ňe näçe wagtda barjagy­ňy awtobusyň tizligine görä habar berýän, düşmeli duralgaň­da bolsa ýörite sesler arkaly duýdurýan programmalaryny teklip edýän taslamalary eminler toparynyň ünsüni özüne çekdi.

Ýeri gelende bellesek, bäsleşige hödürlenen taslamalaryň ählisi hem iň­lis dilinde tanyşdyryldy. Biri-birinden täsirliligi we ylmy temasynyň möhümligi bilen tapawutlanýan taslamalaryň arasyndan ýe­ňijini saýlamak emin agzalaryna ýe­ňil düşmedi.

Şeýlelikde, olaryň gelen netijelerine görä, talyp Azat Berdiýewiň taýýarlan taslamasy birinji orna mynasyp boldy.

Bäsleşige gatnaşan talyplara uniwersitetiň mugallymlaryndan düzülen eminler topary we tejribeli telekeçiler özleriniň maslahatlarydyr tekliplerini berdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň