Soňky habarlar

Arhiw

Howadaky çygdan energiýa öndüriler

11:2718.02.2020
0
646

Howanyň üýtgemegi we global maýylganlyk ýaly meseleleriň öňüni almagyň usullarynyň biri-de energiýanyň arassa çeşmelerini işläp taýýarlamak we ulanmakdyr. Golaýda Massaçusettsdäki Amherts uniwersitetiniň hünärmenleri howadaky çygdan elektrik energiýasyny öndürýän enjamy işläp taýýarladylar. “Air-gen” atly enjam yzygiderli energiýa öndürýär. Bahasy o diýen gymmat bolmadyk enjam daşky gurşawa hiç hili zeper ýetirmeýär. Bu enjam howadaky çyglylygyň örän pes bolan çöl şertlerinde hem işleýär. Beýleki arassa energiýa çeşmelerinden tapawutlylykda “Air-gen” ýele we Gün şöhlesine hem zerurlyk duýmaýar. Bu enjamy ýapyk binalarda hem ulanmak bolýar. Hünärmenler bu enjamyň häzirki nusgasynyň kiçiräk enjamlary işledip bilýändigini, emma onuň has uly görnüşlerini ýasap boljakdygyny belleýärler. Şeýle hem mobil enjamlara zarýad berýän has kiçi “Air-gen” enjamlarynyň önümçiliginiň ýola goýulmagy maksat edinilýär. Şeýlelikde, geljekde mobil enjamlarda batareýalara hem zerurlyk duýulmaz ýa-da has kiçileri ýeterlik bolar. Bu täzeçe usul barada “Nature” žurnalyndan giňişleýin maglumat ýaýradyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň