Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

23:5817.02.2020
0
4649

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Gün tertibine döwlet durmuşynyň we paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleri, oba hojalyk pudagynda işleriň ýagdaýy baradaky meseleler girizildi ― diýip, TDH habar berýär.

Welaýat häkimleri sebitlerde işleriň ýagdaýy, alnyp barylýan möwsümleýin işler, agrotehniki kadalara laýyklykda, güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça görülýän çäreler, gowaçanyň, gök-miwe ekinleriniň hem-de ýeralmanyň ýazky ekişine toplumlaýyn taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdiler.

Hasabatlarda maldarçylyk ulgamynda alnyp barylýan işler, pile öndürmek hem-de köpçülikleýin bag ekmek boýunça geçiriljek çäreler barada habar berildi. Welaýatlaryň häkimleri şanly senä — döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara taýýarlyk görlüşi barada-da aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, bellenen kadalara laýyklykda, agrotehniki çäreleri geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutany oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen ýerleri öz wagtynda sürmek we tekizlemek, tohumlary saýlamak hem-de nobatdaky ekiş möwsümini ýörite tehnikalar bilen üpjün etmek ýaly agrotehniki çäreleriň uly ähmiýete eýedigini belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutany häkimlere bugdaýly meýdanlary dökünlemek, ösüş suwuny tutmak, pile möwsümine taýýarlyk görmek, maldarçylykda işleri guramaçylykly ýola goýmak, köpçülikleýin bag ekmek çäresine taýýarlyk görmek boýunça degişli tabşyryklaryny berdi. Bulardan başga-da sebitleriň ýolbaşçylaryna durmuş düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, alnyp barylýan gurluşyk işlerini wagtynda tamamlamak, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamak bilen bagly tabşyryklar berildi.

Iş maslahatynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň golaýyndaky desgalarda işleriň ýagdaýy baradaky meselä hem seredildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewe oba hojalyk möwsümleriniň bellenilen möhletlerde geçirilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy, oba hojalygynda agrotehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny işjeň ornaşdyrmagy tabşyryldy. Şeýle hem ýer we suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak boýunça döwrebap usullary ulanmak babatda görkezme berildi.

Şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowa şäher hojalygynyň we jemagat gulluklarynyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak meselelerini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň