Soňky habarlar

Arhiw

Baýraga Kobi Braýantyň ady dakyldy

21:0217.02.2020
0
695

“NBA All-Star” duşuşyklarynyň iň gymmatly oýunçysyna berilýän baýrak mundan soň, Kobe Bryant MVP baýragy diýlip atlandyrylar. Golaýda dikuçar heläkçiliginde aradan çykan rowaýaty basketbolçynyň adynyň bu arzyly baýraga berilmegi ýönelige däldir. Sebäbi ussat basketbolçy karýerasy boýunça bu baýragy iň köp alan oýunçydyr. Ol 4 gezek “NBA All Star”-yň iň gymmatly oýunçysy saýlanypdy. Şeýle-de ol “NBA All-Star”-a iň köp saýlanan oýunçy bolup, Kobe Braýant 20 ýyllyk NBA karýerasynda bu basketbol şüweleňinde 18 gezek çykyş etdi. Şol bir wagtyň özünde-de ol 19 ýaş 169 gün bilen “NBA All-Star”-yň esasy düzüminde oýnan iň ýaş basketbolçy hem bolupdy.

Rowaýaty basketbolçyny hormatlap goýlan täze at bilen baýragyň ilkinji eýesi “Los Anjeles Klippersiň” ýyldyzy Kawhi Leonard boldy. Ol şu günki oýnalan 69njy “NBA All-Star”-da 30 utuk, 7 ribaundlyk netije görkezdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň