“Ericsson” 5G tizliginde öňe geçdi

19:0217.02.2020
0
747

“Ericsson” kompaniýasy häzire çenli “Huawei” kompaniýasyna degişli bolan 5G tizlik rekordyny uly tapawut bilen täzeledi. Şwed kompaniýasynyň inženerleriniň geçiren synagynda “Huawei” kompaniýasynyň 2,92Gb/sekuntlyk rekordyny 4,3Gb/sekunt bilen geçildi. Bu tizlik maglumat göçürmekde hasaba alyndy. Maglumat göçürip almagyň has ýokary tizlikleri telekommunikasiýa kompaniýalarynyň geçiriji ulgamyndan 4 esse ýokary bolan tizligi hödürlemegine mümkinçilik berer. Ýeri gelende, aýtsak, häzirki wagtda “Huawei”, “Nokia” we “Samsung” ýaly sanlyja şereketi internet aragatnaşygynyň 5-nji nesline degişli tehnologiýalary öndürýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň