Soňky habarlar

Arhiw

UEFA Çempionlar ligasynda täze baýrak

18:4717.02.2020
0
1204

UEFA mundan soň, Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň her duşuşygynda oýnuň gahrymany saýlanan futbolça – “Man of Match” atly ýörite baýrak gowşurar. Çempionlar ligasynyň logosyndaky ýyldyzjyklardan düzülen topa meňzeş bu özboluşly baýragyň eýesini UEFA-nyň tehniki seljeriş topary saýlar. Şol tehniki seljeriş topary ozalky futbolçylar hem-de tälimçiler düzýär. Olar oýunçynyň duşuşygyň dowamynda görkezen netijeli oýnuna, hasabatlaryna seredip, duşuşygyň gahrymanyny saýlarlar. Tehniki toparyň düzüminde irlandiýaly derwezeçi Paki Bonner, rumyniýaly goragçy Kosmin Kontra, ispaniýaly goragçy Aitor Karanka, irlandiýaly meşhur hüjümçi Robbi Kin, Belgiýanyň milli ýygyndysynyň häzirki tälimçisi Roberto Martines, Ispaniýanyň ýaşlar ýygyndy toparlarynyň ozalky tälimçilerinden Žines Melendes, Angliýanyň zenanlar ýygyndysynyň tälimçisi Fil Newill, awstriýaly hünärmen, Ysraýylyň milli ýygyndysynyň sport direktory Willi Ruttenşteýner hem-de Angliýanyň milli ýygyndysynyň häzirki tälimçisi Garet Sautgeýt dagy bar.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň