Soňky habarlar

Arhiw

«Miras» hususy kärhanasy önümçiligiň gerimini giňeldýär

16:2417.02.2020
0
2110

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň «Zaman» geňeşliginiň çäginde ýerleşýän «Miras» hususy kärhanasyna degişli bolan guş iýmini öndürýän kärhana geçen ýylyň ahyrynda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi. Bu ýerde eýýäm öwgä mynasyp işler alnyp barylýar ― diýip, «Bereketli toprak» gazeti ýazýar.

Kärhananyň önümçilik binasynda Türkiýe, Niderlandlar Patyşalygy ýaly döwletleriň öňdebaryjy enjamlary, kämil tehnologiýalary ornaşdyryldy. Bu ýerde guşlar üçin ekologiýa taýdan arassa iýmleri öndürmekde ähli amatlyklar göz öňünde tutuldy.

Kärhana ýakyn ýerde ýerleşýän, ýörite bölünip berlen 150 gektar ýerde guş iýmini öndürmek üçin mekgejöwen, bugdaý, arpa ýaly ekinler ekildi. Bu däneli ösümlikler bişip ýetişenden soňra, olary ýöriteleşdirilen tehnologiýalar arkaly gaýtadan işläp, guş iýminiň sagatda 10 tonnasy öndürilýär. Öndürilýän iýmiň düzümine guşlar üçin ýokumly bolan bugdaý, mekgejöwen, soýa, dürli witaminler, minerallar goşulýar. Umuman, guş iýmini öndürmek üçin zerur bolan çig malyň 80 göterimini ýerli önümler tutýar.

Kärhana guş iýmini öndürmekden başga-da, miweli baglary ösdürip ýetişdirmäge, ýyladyşhanada gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmäge, ýörite et üçin bakylýan «broýler» towuklaryny idetmäge niýetlenendir. Kärhanada jemi 57 işgär zähmet çekýär.

«Miras» hususy kärhanasynyň guşçulyk toplumynda «broýler» towuklary idedilip, bu ýerde ýylda iki müň tonna guş eti öndürilýär. Öndürilýän towuk eti «Türkmen towuk» harytlyk nyşany bilen ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň söwda nokatlaryna iberilýär.

Şeýle hem kärhana degişli bolan 20 gektar ýere alma, erik, şetdaly, garaly ýaly miweli baglaryň nahallary oturdyldy. 5 gektar meýdandaky ýyladyşhanada bolsa şu ýyl ilkinji gezek pomidoryň «Bandito» sorty ekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň