Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyryň» AFK-nyň kubogyndaky garşydaşy «Istiklolda» täze baş tälimçi işe başlady

16:1317.02.2020
0
4982

Ukrainaly hünärmen Witaliý Lewçenko Täjigistanyň «Istiklol» futbol klubynda baş tälimçi bolup işledi başlady. Bu barada klubyň resmi saýtynda habar berildi. Şu möwsümiň ahyryna çenli şertnama baglaşylan tälimçiniň öňünde ähli ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmek wezipesi goýuldy.

29172-nji ýylyň 23-nji martda Hujandda doglan Witaliý Lewçenko dürli ýyllarda Ukrainanyň «Dinamo», SSKA, «Tawriýu», Russiýanyň «Wolgar», «Spartak» (Kostroma), «Dinamo» (Stawropol), «Ural» (Ýekaterinburg), Hytaýyň «Çançun Ýataý» toparlarynda futbol oýnady. Şeýle hem ol dürli ýyllarda Ukrainanyň, Täjigistanyň ýygyndylarynda, ukrain we rus toparlarynda tälimçi bolup işledi. Lewçenkonyň soňky işlän topary «Hujanddyr».

«Istiklolyň» AFK-nyň kubogy ― 2020-de «Altyn asyr» bilen bir toparçada ýaryşjakdygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň