Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky Erkin döredijilik mekanynda konstitusion özgertmelere bagyşlanan maslahat geçirildi

16:0517.02.2020
0
1741

15-nji fewralda Erkin döredijilik mekanynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ýokary kazyýetiň, Baş prokuraturanyň, Adalat ministrliginiň, şeýle-de syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «Konstitusion özgertmeler — türkmen döwletiniň hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen aýdyň ýörelgeler» atly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmen döwlet neşirýat gullugyna degişli bolan düzümleriň wekilleri, şeýle-de Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Maslahatyň barşyndaky çykyşlarda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen türkmen jemgyýetiniň we döwletiniň täze eýýamynda wajyp syýasy, durmuş-ykdysady meseleler çözülende täzeçe çemeleşmeler öňe sürülýär. Döwlet Baştutanynyň taryhy başlangyçlary bilen yglan edilen konstitusion özgertmeler döwletimiziň kanunçylyk binýadyny has-da pugtalandyrmaga, döwlet we häkimiýet edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegine gönükdirilendir. Döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy edarasynyň täze ulgamynyň kemala gelmegi, kanunçylyk hukuk esaslarynyň döwrebaplaşdyrylmagy raýatlarymyzyň ýurdumyzyň wekilçilikli edaralarynyň üsti bilen döwleti we jemgyýeti dolandyrmaga giňden gatnaşmaklary üçin täze konstitusion şertleri üpjün eder. Milletiň Lideriniň başlangyjy bilen geçirilýän konstitusion özgertmeler ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmaga, döwleti dolandyrmagyň demokratik ýörelgelerini mundan beýlägem kämilleşdirmäge ýardam berer.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň öz çykyşlarynda belleýişleri ýaly, alnyp barylýan konstitusion özgertmeler Watanymyzyň demokratik ýörelgeleriniň berkidilmegine, ykdysady ösüşiniň ýokary depginleriniň üpjün edilmegine, halkymyzyň abadançylygyny­ň pugtalandyrylmagyna hyzmat eder. Täze iki palataly parlament gurluşyna geçilmegi bilen baglylykda, Konstitusiýa üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm taryhy waka öwrüler. Bu bolsa «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda aýratyn many-mazmuna eýe bolar.

Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň: «Şu ýyl üçin maksatnamany ýerine ýetirmek örän köp zähmeti talap edýär. Ata Watanymyzy üstünlikli ösdürmek üçin bize täze taslamalar, täze pikirler we dolandyryş çözgütleri zerur. Şo­ňa görä-de, siz köp başlangyçlar bilen çykyş etmeli, işjeň zähmet çekmeli» diýen sözlerinden ugur alyp, öň­de duran wezipeleri üstünliki ýerine ýetirmekde yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň