Soňky habarlar

Arhiw

“Lasio” “Serie A”-da çempionlyk ýaryşyny gyzyşdyrýar

15:2617.02.2020
0
596

Italiýanyň çempionatynda “Lasio” öz meýdançasynda sanawyň lideri “Interi” 2-1 hasap bilen ýeňdi. Eşli Ýang bilen 44-nji minutda öňe saýlanan “Interiň” derwezesinden ýeňiş gollaryny penaltiden Çiro Immobile (50) hem-de Sergeý Milinkowiç-Sawiç (69) geçirdi. 18 oýundan bäri ýeňilmän gelýän “Lasio” garşydaşynyň 16 duşuşykdan ýeňlişsiz ýörişine soňky nokady goýdy. Bu ýeňişden soň, “Inter” 3-nji orna düşdi, “Lasio” 2-nji basgançaga beýgeldi.

Öz meýdançasynda Dibala (38) we Kuadradonyň (75) gollary bilen “Breşiýany” 2-0 ýeňen “Ýuwentus” bir hepdelik arakesmeden soň, ýene-de liderlige gaýdyp geldi. Çempionatda şowsuz çykyş edýän “Napoli” myhmançylykda “Kaliarini” Dris Mertensiň (65) ýeke-täk goly bilen 1-0 utdy. Tapgyryň iň köp golly oýnunda “Fiorentina” myhmançylykda “Sampdoriýany” 5-1 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda Wlahowiç bilen Kiesanyň hersi 2 gezek tapawutlandy.

Çempionatyň 24-nji tapgyry şu günki “Milan”–“Torino” duşuşygy bilen tamamlanar. 00:45-de başlanjak oýun Türkmenistan sport” teleýaýlymynda görkeziler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň