Soňky habarlar

Arhiw

Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň şygary tassyklanyldy

14:0917.02.2020
0
2113
Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň şygary tassyklanyldy

Tokioda geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň şygary kabul edildi diýip, Russiýanyň TASS agentligi habar berýär.

Oýunlaryň şygary üçin «United By Emotions» diýlen jümle saýlanyp alyndy. Bu jümle türkmen diline geçirilende «Duýgularyň birleşmesi» ýa-da «Duýgulardaky birlik» diýen manyny berýär. Oýunlaryň Guramaçylyk komitetiniň hem nygtaýşy ýaly sportuň wezipesi adamlaryň duýgularyny birleşdirmekden ybaratdyr. Şygaryň tanyşdyryş wideogörnüşlerinde ýaponiýaly tennisçi zenan Naomi Osaka surata düşdi.

Oýunlaryň tumary «Miraitowa» bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň