Printerde gurlan iň uly bina

12:2817.02.2020
0
1166

Dünýäde üç ölçegli printer tehnologiýasy günsaýyn ösýär. Häzirki wagtda, esasan, awiagurluşyk we kosmos pudaklarynda peýdalanylýan bu tehnologiýanyň ulanylýan ugurlary barha köpelýär. Golaýda Dubaýda 3D printerde gurlan iki gatly bina açyldy. Beýikligi 9,5 metre barabar bolan bina äpet printeriň gurluşyk materialyny galyba guýmagy arkaly guruldy. Binany gurmagyň adaty usuldan 70 göterim arzan düşýändigi bellenilýär. Bu binanyň ýerli howa şertlerine çydamlydygy we ygtybarlydygy mälim edildi. Otaglarynyň meýdanynyň 640 inedördül metre barabardygy mälim edilen bina Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň