Soňky habarlar

Arhiw

Aýna ýerine kamera ulanýar

20:1616.02.2020
0
1214

“Lexus” kompaniýasynyň ES modelleriniň Ýaponiýa üçin öndürilen görnüşlerinde gapdal aýnalaryň ýerine kamera oturdylan ulaglary satuwa çykarypdy. Indi bolsa kompaniýa “Digital Side-View Monitor” atly bu tehnologiýany Ýewropadaky modellerinde hem hödürläp başlar. “ES 300h” atly model geljek aý Ženewada geçiriljek sergide görkeziljekdigi we onuň yzýany satuwa çykaryljakdygy mälim edildi. 2018-nji ýylda tanyşdyrylan ulgamda gapdal aýnalaryň ýerine ýokary durulykdaky kameralar oturdylan. Bu kameralar aýnanyň görkezýän suratyny ulagyň iç tarapyndaky ekranda görkezýär. Bu aýna ygally howada hem ýokary durulykda görkezmegi bilen tapawutlanýar. Şeýle hem ulgam yzlygyna sürlende we parkowka edilende çyzyklar arkaly duýduryş bermek bilen ýokary derejede howpsuzlygy üpjün edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň