“Liwerpulyň” täze rekordy

16:2216.02.2020
0
1121

Angliýanyň “Premier” ligasynda kem-kemden çempionlyga barýan “Liwerpul” sanawyň iň aşaky ornundaky “Norwiç Siti” bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda “Liwerpul” 1-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Olara ýeňiş getiren ýeke-täk goly 78-nji minutda Sadio Mane derwezä girizdi. Bu gol Maneniň "Premier" ligadaky 100-nji goly hökmünde hasaba alyndy ("Liwerpul" 75, "Southempton" 25). Şunlukda, “Liwerpul” bassyr 17-nji, 26-njy duşuşygynda-da 25-nji ýeňşini gazandy. “Liwerpulyň” 26 oýunda toplan utuk sany 76-a deň bolup, bu görkeziji Ýewropanyň TOP – 5 ligasynda rekorda deňdir. “Liwerpul” bu ugurda “Bawariýanyň” rekordyny täzelemegi başardy. Nemes kluby 2013/2014 möwsüminde Pep Guardiolanyň tälimçiliginde 26 oýunda 2 gezek deňme-deň bolup, 24 ýeňiş bilen 74 utuk toplapdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň