Balkan welaýatynda üpjünçilik işleri üstünlikli çözülýär

15:1416.02.2020
0
960

Balkan welaýatynda şu ýylyň ilkinji aýynda senagat önümleriniň 1,6 milliard manatlykdan gowragy, elektrik energiýasynyň 289 million kilowat-sagatdan köprägi, tebigy gazyň 1 milliard 21 million kub metri öndürilip, içerki we daşarky bazarlaryň sarp edijilerine ýetirildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Et, süýt, ýumurtga, ösümlik ýagy ýaly azyk önümlerini öndürmekde gowy netije gazanyldy. Ykdysadyýetiň esasy ulgamlarynda gazanylýan bu üstünlikler balkanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Ýanwar aýynda tutuş welaýat boýunça bölekleýin satuwyň haryt dolanyşygy 321,8 million manatlyga barabar bolup, bu ugurda 19,1 göterim ösüş depgininiň gazanylmagy hem mu­ňa şaýatlyk edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň