Soňky habarlar

Arhiw

Ak bugdaý etrabynda 720 orunlyk täze mekdep gurulýar

14:5416.02.2020
0
1415

Ak bugdaý etrabynyň merkezinde döwrebap orta mekdebiň gurluşyk işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Myradym» hususy kärhanasy tarapyndan gurluşygy alnyp barylýan bilim ojagy 720 okuwçy orunlyga niýetlenýär ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Ol Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäginde gurulýar. Dürli maksatly desgalary gurmakda baý tejribesi bolan hususy kärhananyň gurluşykçy hünärmenleri döwrebap orta mekdebiň binasynyň gurluşygynyň hil derejesine aýratyn ähmiýet berýärler.

Gurluşykda ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän ýokary görnüşli gurluşyk materiallarydyr serişdeleriniň ulanylýandygy bellärliklidir. Täze bilim ojagynyň welaýatyň çägindäki döwrebap orta mekdepleriň üstüni ýetirjek hem-de ýaş nesle sowgat ediljek wagty uzakda däl.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň