Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda talyplaryň sport weteranlary bilen duşuşygy geçirildi

14:2916.02.2020
0
4220

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mejlisler zalynda talyp ýaşlar bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zähmet çekýän sport ulgamynyň abraýly weteranlarynyň duşuşygy guraldy ― diýip, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Dabaranyň dowamynda welaýatlardan we paýtagtymyzdan gelen sport weteranlary Tokioda guraljak tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlanýan türkmen türgenlerine ak ýürekden üstünlik arzuw etdiler.

Duşuşyk tamamlanandan soň ýokary okuw mekdebiniň çäginde toý sadakasy berildi.

Sport weteranlary bilen duşuşyk Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi we Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan bilelikde guraldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň