Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabat şäherinde ýetginjekleriň arasynda grek-rim göreşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

14:1816.02.2020
0
3636
Türkmenabat şäherinde ýetginjekleriň arasynda grek-rim göreşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

Türkmenabat şäherinde 2003 ― 2005-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda grek-rim göreşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Şäherdäki 2-nji sport mekdebinde geçirilen çempionata ýurdumyzyň sebitlerinden güýçli pälwanlaryň onlarçasy gatnaşdy.

Ýekelikdäki tutluşyklar paýtagtly türgenleriň artykmaçlygy bilen geçdi. Olar agram derejeleriniň aglabasy boýunça ýaryşyň iň ýokarky basgançagyna çykdylar. Abdyweli Rahymbaýew (51 kilogram), Parahat Aşyrow (60 kilogram), Ybraýym Weliýew (92 kilogram) ýaly türgenler bolsa tehniki we fiziki taýýarlygy bilen Türkmenistanyň ýygyndysynda çykyş etmäge juda mynasypdyklaryny görkezdiler.

Ýer eýeleriniň wekilleri ikinji orunlaryň üçüsine, üçünjilikleriň bolsa dördüsine mynasyp boldular. Ýerli türgenlerden Mansur Rahmanow (45 kilogram), Intizar Serdarow (48 kilogram), Alyşir Orazow (92 kilogram) dagylar milli çempionatyň kümüş medallaryny eýelediler.

Toparlaýyn netijede paýtagtyň topary birinji, lebaply türgenler ikinji, Mary welaýatyndan gelen wekiller bolsa üçünji orunlary eýelediler. Ýaryşda iň gowy netijeleri görkezen türgenler milli ýygyndymyza çagyrylar. Şu ýyl türkmenistanly grek-rim göreşijilerine Rumyniýada geçiriljek halkara ýaryş, Tailandda boljak Aziýa çempionaty garaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň